Arhiw

Sakarçägedäki ýyladyşhanadan geçen ýyl 1,5 müň tonna pomidor eksport edildi

12:2417.01.2022
0
891

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda işleýän «Mähriban obam» hususy kärhanasyna degişli ýyladyşhana toplumynda öndürilen pomidoryň geçen ýyl 1 müň 575 tonnasy daşary ýurtlara eksport edildi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Bu ýyladyşhana geçen ýylyň 25-nji martynda açylyp, ulanylmaga berildi.

Etrabyň «Akýap» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň 8 gektaryny tutýan ýyladyşhanada, esasan, pomidoryň «Altess F1» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar we täze usullar önümçilikde ösüşleriň çaltlanmagyna, öndürilýän önümleriň bäsdeşlik ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.

Türkiýede, Niderlandlarda, Şweýsariýada, Belgiýada öndürilen kämil enjamlar bilen üpjün edilen ýyladyşhanada kuwwatly tehnologiýalara sanly ulgamyň üsti bilen erk edilýär. Bu bolsa ýyladyşhananyň ýylylyk, suwaryş, çyglylyk, iýmitlendiriş işlerini ýola goýmagy ýeňilleşdirýär.

Ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidorlara diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Täjigistan ýaly döwletlerde hem uly isleg bildirilýär.

Häzirki wagtda 70-e golaý işgäri bolan ýyladyşhana hojalygy 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan başarjaň telekeçi Bazargeldi Ataýew tarapyndan döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň