Ahal döwlet elektrik stansiýasynda geçen ýyl 111,4 göterim ösüş gazanyldy

10:4717.01.2022
0
728

Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Ahal döwlet elektrik stansiýasynda geçen ýyl guwandyryjy önümçilik görkezijileri gazanyldy. Milli ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri bolan energetika pudagynyň ösüşine saldamly goşant goşýan bu elektrik stansiýasynda 2021-nji ýylda 2 milliard 749 million 718 müň kilowatt/sagat elektrik energiýasy öndürildi. Munuň özi ruhubelent işçi-hünärmenleriň öndürijilikli zähmeti netijesinde 2021-nji ýylda, ozalky ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümçilikde 111,4 göterim ösüş gazanylandygyny görkezýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

2022-nji ýyly hem ýokary iş görkezijilerine beslemegi maksat edinýän agzybir işgärler özleri üçin döredilen iş şertlerinden ruhlanyp, oba-şäherçeleri, şäherleri, her bir ojagy elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrundaky asylly işde yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň