Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti türgenleriň Olimpiýa oýunlaryna taýýarlygy bilen bagly Karara gol çekdi

23:3014.01.2022
0
961

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna Tokioda geçirilen XXXII Tomusky Olimpiýa oýunlarynda toplanan tejribä esaslanyp, Türkmenistanyň Milli ýygyndy toparlaryny 2024-nji ýylda Fransiýada geçiriljek XXXIII Tomusky Olimpiýa hem-de XVII Paralimpiýa oýunlaryna taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hem hasabat berdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň türgenlerini sportuň dürli görnüşleri boýunça taýýarlamak hem-de ussatlyk derejesini ýokarlandyrmak, ýokary netijeleri gazanmak üçin zerur şertleri döretmek işleriniň çäklerinde, türgenleriň okuw-türgenleşik çärelerini ýöriteleşdirilen sport toplumlarynda we Olimpiýa şäherçesiniň degişli desgalarynda hem-de “Awaza” köpugurly sport toplumynda geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti parahatçylygyň ilçisi hökmünde ykrar edilen sportuň ösdürilmeginiň wajypdygyny belläp, Parižde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa ýaryşlaryna taýýarlyk işlerine örän jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Milletiň Lideri hödürlenen teklipleri makullap, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, bellenilen wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilmegi babatda anyk görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň