Amerikan kinoakademiýasynyň her ýylky “Oskar” baýragynyň gowşurylyşy 2018-nji ýyldan bäri ilkinji gezek alypbaryjyly geçer.
Hasap boýunça 94-nji gezek geçirilýän dabarany 27-nji martda däp bolup gelşi ýaly, ýurduň Los-Anjeles şäherindäki Dolby teatrynda geçirmek meýilleşdirilýär, baýraga dalaşgärleriň ady bolsa 8-nji fewralda yglan ediler.