Ýüz ýaşly ene 10 müň kilometr ýol geçdi

14:4315.01.2022
0
793

Kanadaly 100 ýaşly Mirtl Perçeýz atly aýal bäş ýylda 10 müň kilometr menzili geçdi we özüniň uzak ýaşynyň syrlaryny metbugatda paýlaşdy. Ol 11-nji ýanwarda 100 ýaşyny baýram etdi. Mirtl 12 ýaşyndan işläp başlapdyr, şondan bärem işjeň durmuşy alyp barýar, her gün birnäçe kilometr ýoly geçmegi endik edinipdir. Ol pyýada gezmegi diýseň halaýandygyny gürrüň berdi.

Oglunyň satyn alyp beren ädim ölçeýjisiniň soňky bäş ýyldaky hasabyny öwrenenlerinde, kempiriň şu döwürde 10 müň kilometrlik ýoly geçendigi belli boldy, bu Kanadanyň günbataryndan gündogaryna gidip gelmek bilen deňdir. Garry ene özüniň uzak ýaşamagynyň ýene bir sebäbi hökmünde elmydama umytly pikirde ýaşandygyny görkezdi. “Durmuşa oňat duýgy bilen garamak, ondan şatlyk agtarmak ynsan ömrüni uzaldýar” diýip ol nygtady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň