Uzak ýaşan pyşbaga Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi

14:1715.01.2022
0
5171

Ýer ýüzüniň iň uzak ýaşan jandary — Jonatan atly pyşbaga Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Keramatly Ýelena adasynda ýaşaýan pyşbaga golaýda 190 ýaşyny doldurýar. Mir24 habarlar gullugynyň bellemegine görä,

Jonatan eýýäm görüşini we ys alşyny ýitirdi, onuň bedeni üçin zerur maddalary saklamak üçin bolsa zoologlar pyşbagany hepdede bir gezek iýmitlendirýärler. Şol bir wagtyň özünde, bu pyşbaganyň eşidişi örän ýokarydyr, hatda ol özüne ideg edýän weterinary Jo Hollinsi hem sesinden tanamagy başarýar. Hünärmenler Jonatanyň doglan senesini 1832-nji ýyl diýip çaklaýarlar, ýöne onuň ýaşynyň has uly bolmagy-da mümkindir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň