Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda welosiped bejermek boýunça tölegsiz okuwlara kabul edişlik dowam edýär

11:2015.01.2022
0
15613

Aşgabatda welosiped bejerýän ussalaryň tölegsiz okuwlaryna höwes bildirýänleriň kabul edişligi dowam edýär. Okuwlaryň dowamynda size welosipediň gurluşyna düşünmek, ony bejermegiň ýönekeý ýörelgelerinden başlap, ähli görnüşlerini ýuwaş-ýuwaşdan özleşdirmek, şeýle-de welosipedleriň düýpli abatlaýyş işlerine çenli öwrediler.

Okuwlar tamamlanandan soň ýörite sertifikatlar berilýär.

Welosipedi bejermegiň usullaryny tejribeli ussalar öwredýärler.

Degişli okuwlara +993 65564131 telefon belgisi arkaly ýazylyp bilersiňiz. Okuw kurslaryna gatnaşmaga gyzlar hem hormat bilen çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň