Soňky habarlar

Arhiw

“Täze hyzmat” hususy kärhanasy täzelikleri bilen tanyşdyrýar

18:1014.01.2022
0
1713
 “Täze hyzmat” hususy kärhanasy täzelikleri bilen tanyşdyrýar

Resminamalary ýygnamak, buhgalterçilik, kärhanany hasaba almak, gaýtadan hasaba almak, hususy kärhananyň we hojalyk jemgyýetiniň işiniň ýatyrylmagy, işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak, ygtyýarnama almak üçin resminama ýygnamak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän “Täze hyzmat” hususy kärhanasy işiniň gerimini giňeldýär.

“Täze Hyzmat” HK-sy ekologiýa pasportyny taýýarlap bermek işini ýerine ýetirmek boýunça ygtyýarnama aldy we bu ugurdan hyzmaty ýerine ýetirip başlady.

Ekologiýa pasportyny taýýarlamak – sarp edilýän esasy we ikinji derejeli çeşmeler, olaryň ulanylyşy baradaky maglumatlary öz içine alýan kadalaşdyryjy we tehniki resminama. Şeýle hem, “Eko-pasport” önümçiligiň daşky gurşawa edýän täsiri barada maglumatlary öz içine alýar.

“Täze hyzmat” hususy kärhanasynyň hyzmatlary ýokary hünär derejesinde bolup, amatly bahalardan hödürlenýär.

Ýaňy-ýakynda paýtagtda kärhananyň iki şahamçasy açylyp, olar Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynyň binasynda we Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginde ýerleşýär.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň