Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyryldy

16:5714.01.2022
0
5747

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «2021 — 2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň başlanmagy mynasybetli ilkinji okuw sapagyny guramaçylykly geçirmek hakynda» buýrugyna laýyklykda, ýurdumyzyň bilim edaralarynda 2021 — 2022-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen geçirildi. Bu barada «Mugallymlar gazeti» habar berýär.

Bilim edaralarynyň ýolbaşçylary ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini gazandylar. Ilkinji okuw sapagyny bildirilýän talaplara laýyk derejede guramakda öňdebaryjy we kärdeşleriniň arasynda uly hormatdan, abraýdan peýdalanýan pedagoglaryň baý iş tejribesinden peýdalanyldy.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen geçirilýän ilkinji okuw sapagynyň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmek işine her bir bilim işgäri döredijilikli çemeleşdi. Sapakda ulanyljak okuw-görkezme esbaplary, goşmaça maglumat we multimedia serişdeleri öňünden taýýarlanylyp, okuw otaglary döwrebap enjamlaşdyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň