Türkmenistanyň kazylarynyň IV maslahaty geçirildi

16:3414.01.2022
0
685

Ýakynda Türkmenistanyň kazylarynyň IV maslahaty geçirildi. Bu barada «Adalat» gazeti habar berýär. Ol kazyýet ulgamyny we adyl kazyýetligi kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylan meýdançasy bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen ýurdumyzyň welaýat kazyýetleriniň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy hereket edýär. Şeýle-de sanly ykdysadyýete geçmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Türkmenistanyň Arbitraž, Aşgabat şäher we welaýat kazyýetlerini özara baglanyşdyrýan kazyýetiň içerki elektron torunyň çägi giňeldilip, etrap we şäher kazyýetleri hem oňa birikdirildi.

Geçen ýylda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň resmi internet web-saýtynyň («court.gov.tm») işe girizilendigi bellenilmäge degişlidir. Resmi internet web-saýtynyň işi ulanyjylar üçin türkmen we rus dillerinde elýeterli edildi. Web-saýtyň işiniň ýola goýulmagy kazyýet işgärleri bilen birlikde, giň halk köpçüliginiň hem adyl kazyýetlik işiniň amala aşyrylyşy, milli kanunçylykdaky täzelikler, öňdebaryjy kazyýet iş tejribesiniň oňyn ugurlary bilen yzygiderli habarly bolmaklarynda, ilatyň hukuk medeniýetiniň we düşünjeliliginiň artmagynda, adyl kazyýetligiň döwrebap şertlerde elýeterliginiň üpjün edilmeginde ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň kazylarynyň üstünlikli geçirilen IV maslahatynda hem kazyýet işgärleriniň sanly tehnologiýalar we sanly ulgamlar, olaryň ornaşdyrylmagy, maksatnamalaýyn üpjünçilik serişdelerinden peýdalanmak, şeýle hem kiberhowpsuzlygy ygtybarly derejede üpjün etmek boýunça bilim derejelerini we hünär ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, degişli okuwlary geçirmek ýaly möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň