Soňky habarlar

Arhiw

“Altyn asyryň” AFK-nyň Kubogyndaky ilkinji duşuşygyny hytaýly eminler alyp barar

18:0607.02.2015
0
2599

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

10-njy fewralda Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň “Altyn asyry” “Al Sakr” (Ýemen) bilen duşuşar.

Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasyndan habar berlişi ýaly, duşuşygyň Wang Diden, Mu Ýuksinden, Ha Pengden we Wang Ziden ybarat hytaýly eminler topary alyp barar. Oýnuň komissarynyň wezipesini Kemel Tokabaýew (Gyrgyz Respublikasy) ýerine ýetirer.

Duşuşygyň köpugurly “Aşgabat” stadionynda 18.00-da başlanar.

“Altyn asyr” — “Al Sakr” jübütiniň ýeňijisi toparça düşmek üçin indiki tapgyrda, 17-nji fewralda myhmançylykda Bahreýniň “Al Hidd” topary bilen duşuşar.

“Altyn asyr” üçin bu halkara futbol arenasyndaky ilkinji duşuşyk bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň