Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkezi «Açyk gapylar» gününi geçirýär

14:1714.01.2022
0
4273

22-nji ýanwarda Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkezi sizi Moskwa halkara uniwersitetiniň okuw ýagdaýlaryna bagyşlap geçirýän «Açyk gapylar» gününe çagyrýar.

Paýtagtymyzdaky «Iş nokady» koworking merkeziniň «Açyk gapylar» gününde Moskwa halkara uniwersitetiniň häzirki talyplary bilen, bu çärä gatnaşyjylaryň arasynda bu uniwersitetdäki okuw ýagdaýy we uzak aralykdan bilim almak usuly baradaky täsirli pikir alyşmalar bolar.

«Açyk gapylar» güni çäresiniň dowamynda Moskwa halkara uniwersitetindäki okuw ýagdaýlary bilen wizual usulda tanşyp boljak platformanyň tanyşdyrylyş dabarasy geçiriler.

Şeýle hem bu çärede oňa gatnaşyjylara özleriniň gyzyklanma bildirýän soraglaryny bermekligi üçin-de, Moskwa halkara uniwersitetine okuwa girmek meselesi barada anyk maglumaty almaklygy üçin-de mümkinçilik dörediler.

Çäräniň başlanýan wagty: sagat 18:00-da.

Çäräniň geçirilýän ýeri: «Iş nokady» koworking merkezi, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň J 1 böleginiň 10-njy gaty.

Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkeziniň Moskwa halkara uniwersitetiniň okuw ýagdaýlaryna bagyşlap geçirýän «Açyk gapylar» güni çäresine gatnaşmaga isleg bildirenler «docs.google.com» web sahypasynda bellige alynmaly.

  • Geçiriljek ýeri: @ish_nokady_ iş merkezi, Berkarar söwda merkezi, 10-njy gat, J1-nji blok.
  • Salgy arkaly hasaba alynmak.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň