Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen mekdep okuwçylary “Rus dili — geljekki hukukçylaryň dili” atly olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar

18:3713.01.2022
0
16116

Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary O.Ý. Kutafin adyndaky Moskwa döwlet hukuk uniwersiteti tarapyndan guralýan “Rus dili — geljekki hukukçylaryň dili” atly olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar.

Olimpiadanyň esasy maksady Moskwanyň Döwlet hukuk akademiýasyna okuwa tabşyrýan taýýarlykly daşary ýurt raýatlaryny ýüze çykarmakdan, şeýle hem rus diline, rus medeniýetine we taryhyna gyzyklanma döretmekden ybaratdyr.

Olimpiada daşary ýurtlaryň orta mekdepleriniň ýokary synplarynda rus dili sapaklaryny okaýan ýa-da özbaşdak rus dilini öwrenýän mekdep okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Degişli olimpiadanyň saýlama hem-de jemleýji tapgyrlary wideoaragatnaşyk arkaly geçiriler. Bäsleşigiň saýlama tapgyry 28-nji fewralda bolar. Bu tapgyrda ýeňiji bolup, baýrak alan okuwçylar jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanarlar.

Gatnaşyjylaryň hasaba alnyşy 1-nji ýanwardan bäri dowam edýär.

Olimpiada barada has giňişleýin maglumatlary almak we oňa gatnaşmaga hasaba durmak üçin uniwersitetiň resmi web sahypasyna girip bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň