Soňky habarlar

Arhiw

“Arzuw haly” dükany täze görnüşli türk halylaryny alyjylara ýetirýär

16:3813.01.2022
0
8793

Öýleriň dürli hili bezegine laýyk gelýän halylary halka hödürleýän “Arzuw haly” dükanyna ýakynda türk halylarynyň döwrebap görnüşleri geldi. Olar öň bar bolan türk halylaryndan özleriniň nagyşlary, şekilleri hem-de hili babatda tapawutly bolup, öýleriň islendik otagynyň döwrebap bezegine laýyk gelýär.

Sebitiň birnäçe ýurtlarynda giňden peýdalanylýan bu türk halylary ýokary hili, uzak möhlete niýetlenenligi hem-de ajaýyp nagyşlary bilen tapawutlanýar. Türk halylary ýüňden, ýüpekden, akril we polyester ýaly sintetiki materiallardan öndürilýär. Olar import önümleriniň hatarynda hem müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrýan harytlardyr.

“Arzuw haly” dükanynyň täze haly görnüşleri bilen G.Kulyýew köçesiniň (öňki Obýezdnoý) ugrundaky “Beýik bina” söwda toplumynda ýerleşýän dükana baryp tanşyp bilersiňiz. Şeýle hem Mary we Lebap welaýatlarynda dükanyň şahamçalarynyň hereket edýändigini bellemek gerek.

Habarlaşmak we sargyt etmek üçin salgylar:

  • Instagram hasaby: @arzuwhaly_;
  • Elektron poçta salgysy: arzuwhalyashgabat@mail.ru ;
  • Telefon belgileri: +99362365566, +99361937333 (Mary welaýaty), +99364700661 (Lebap welaýaty).

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň