Soňky habarlar

Arhiw

“Ahalyň” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ilkinji duşuşygyny alyp barmak özbegistanly eminlere ynanyldy

17:2607.02.2015
0
3513

 Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

9-njy fewralda Aşgabatda AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň deslapky tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi “Ahal” Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” bilen duşuşar. Aziýa Futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurdaky ştab-kwartirasyndan habar berlişi ýaly, bu duşuşyga eminlik etmek özbegistanly eminler toparyna: Ilgiz Tantaşewe, Ruslan Serazitdinowa, Andreý Sapenko we Şerzod Kasimowa ynanyldy. Oýna De Silwa (Şri-Lanka) komissarlyk eder.

Duşuşyk köpugurly “Aşgabat” stadionynda 17.00-da başlanar.

“Ahal” — “Dordoý” jübütiniň ýeňijisi toparça çykmak üçin indiki tapgyrda, 17-nji fewralda myhmançylykda Omanyň “Fanja” topary bilen duşuşar.

Türkmen toparlary 2004—2007-nji ýyllar aralygynda AFK-nyň Kubogynda çykyş edipdiler. Balkanabadyň “Nebitçisi” üç, paýtagtyň “Nisasy” we HTTU iki, Marynyň “Merwi” bolsa bir gezek şeýle hukuga eýe bolupdylar.

Soňra 2008—2014-nji ýyllar aralygynda “Aşgabat”, “Balkan” we HTTU toparlary ýurduň çempiony hökmünde Aziýanyň üçünji derejeli klub ýaryşynda — Afk-nyň Prezidentiniň Kubogynda Türkmenistana diýseň üstünlikli wekilçilik edipdiler.

2013-nji ýylda yklymyň bu baýragyny “Balkan” eýeledi. Geçen ýyl bolsa soňky gezek geçirilen AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň topary ýeňiji boldy.

Şeýlelikde, 11 ýyldan soň türkmen futbol toparlary ýene-de AFK-nyň Kubogy ugrunda göreşerler. “Ahal” üçin bu ýaryş halkara arenasyndaky ilkinji synag bolar.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň