Soňky habarlar

Arhiw

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy «Gerekli gün» aksiýasyna başlady

11:0012.01.2022
0
4092

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasy her çarşenbe güni bolup geçýän adaty arzanladyş çäresini – «Gerekli gün» aksiýasyny yglan edýär. «Gerekli» internet dükanynyň bu gezekki «Gerekli gün» aksiýasynda arzanladylan önümleriň sanawy adatdakylardan has köpdür.

«Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynyň şu günki «Gerekli gün» aksiýasynda dürli görnüşli köpsanly önümler – syrçaly we sink çaýylan dürli görnüşli gap-gaçlar (tabaklar, çanaklar, çäýnekler, legenler we ş.m), pyçaklar toplumy, «Philipps», «Scopa», «Ingo», «Tehno Mi» we beýleki öndürijileriň enjamlary – howany çyglandyryjylar, radio-eneke (радио-няня), elektrik çäýnek (электрочайник),saç guradyjy elektrik enjam (фен), mikrotolkunly peçler (микроволновые печи), tozan sorujylar (пылесос), gazojak (духовкa), şeýle hem daşlyklar (чехлы) , smartfonlar üçin kuwwatlandyryjylar (zarýad berijiler), ýat kartalary, çagalar üçin önümler we ş.m. harytlar bar. Bu harytlar 10 – 50 göterim arzanladyş bilen satylýar.

«Gerekli» internet dükany her çarşenbe güni şunuň ýaly aksiýalary geçirýär we müşderilere ep-esli arzanlaşyklar bilen dürli önümler hödürleýär. «Gerekli gün» aksiýasynda satylýan harytlaryň sanawy her gezek üýtgeşik, ýagny täze harytlar bilen täzelenip durulýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň