Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal durmuşy» welaýat gazetinde Halkara zenanlar güni mynasybetli bäsleşik yglan edildi

13:2212.01.2022
0
1775

Türkmenistanda döwlet derejesinde bellenilýän Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesi «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde «Ömrüňizden nusga alýar nesiller» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şan-şöhrata beslenýän eziz Watanymyzyň 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ene-mamalarymyzyň, zenanlaryň ýaş nesillerimize edep-ekram terbiýesini bermekdäki orny, olaryň asylly göreldesi we maşgala mukaddesligi barada döredijilikli beýan etmek. Ene-mamalarymyzdan miras galan, zenanlarymyzyň çeper ellerinden, yhlasyndan kemala gelen milli el hünärlerimiziň aýratynlyklaryny görkezmek, olaryň ýerine ýetiriliş usullarynyň tärlerini gelin-gyzlaryň arasynda ýaýbaňlandyrmak. Her bir maslahaty, öwüt-ündewi dür dänelerine deňelýän, öz kärine ussat zenanlarymyz bilen zähmet ýoluna düşen ýaş nesliň arasyndaky halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny dowam etmek.

Şeýle hem bäsleşigiň üsti bilen dürli kärde zähmet çekýän mähriban gelin-gyzlarymyzyň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksat edinilýär.

Bäsleşigiň şertleri

«Ömrüňizden nusga alýar nesiller» ady bilen geçiriljek bäsleşige Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň her bir raýaty öz döreden çeper eserleri bilen gatnaşyp biler. Bäsleşige iberilýän eserlerde zenanlaryň erjelligi, perzendine bolan mähir-söýgüsi, maşgalanyň berk binýatly bolmagyndaky orny, el hünärine werzişligi açylyp görkezilmeli. Gyz-gelinleriň ajaýyp dünýäsi, bir-birege sylagy, gaýynene bilen gelin, gelneje bilen baldyzyň arasyndaky sylanyşykly gatnaşyklar şöhlelenmeli. Bäsleşige iberilen eserler şahyrana, çeper beýan edilmelidir.

Bäsleşigiň jemini jemlemek

Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemek üçin gurnaýjylar tarapyndan emin agzalary düzülýär. «Ahal durmuşy» welaýat gazetiniň redaksiýasyna iberilýän oçerkleriň, makalalaryň, şahyrana eserleriň, goşgularyň, çekilen suratlaryň döwrebap, çeper beýan edilişi seljerilip, döredijilik bäsleşiginiň işjeň toparynyň düzümindäki eminler olara syn taýýarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri 2022-nji ýylyň 3-nji martynda tassyklanan emin agzalary bilen ylalaşylyp kesgitleniler.

«Ömrüňizden nusga alýar nesiller» atly döredijilik bäsleşiginde surat çekmek, şeýle-de edebi eserler (makalalar, oçerkler, goşgular, nowellalar...) boýunça aýratynlykda 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar kesgitlener. Döredijilik bäsleşiginde höweslendiriji baýraklar hem göz öňüne tutular.

Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň