Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatdaky «Iş nokady» koworking merkezinde IT ylmynyň emeli aň ugry boýunça duşuşyk geçiriler

12:5012.01.2022
0
3450

21-nji ýanwarda paýtagtymyz Aşgabatdaky«Iş nokady» koworking merkezinde IT akademiýasy bilen duşuşyk geçiriler. Duşuşygyň maksatnamasy şu aşakdakylardan ybaratdyr:

• IT akademiýasynyň tanyşdyrylyşy;
• emeli intellekt barada çykyş;
• gyzykly interaktiw sapaklar.

Duşuşykda kompýuter ylmynyň emeli aň ugruna aýratyn üns berler.

Duşuşygyň ahyrynda ITEA işgärleri siziň ähli soraglaryňyza uly höwes bilen berler.

Duşuşygyň geçiriljek wagty: sagat 18:00-da.

Duşuşygyň geçirilýän ýeri: «Iş nokady» koworking merkezi, «Berkarar» söwda-dynç alyş merkeziniň 10-njy gaty.

Duşuşyk çäresine gatnaşyjylar üçin giriş muzdsuzdyr (tölegsizdir).

Duşuşyk çäresine gatnaşmaga isleg bildirenler «docs.google.com» web sahypasynda bellige alynmaly.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň