Aşgabatda ýaşaýyş üçin döwrebap şertler döredilýär

23:4710.01.2022
0
16148

Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow 2022-nji ýyldaky ilkinji iş maslahatynda döwlet Baştutanyna häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, ak mermerli Aşgabatda ýerine ýetirilýän arassaçylyk we abadançylyk hem-de şäheriň yşyklandyryş ulgamynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp, ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadançylyk işleriniň döwrüň talaplaryna laýyk derejede guralmalydygyna ünsi çekip, paýtagtymyzda ýerine ýetirilýän bezeg işlerinde, şäheriň yşyklandyryş ulgamynda häzirki zamanyň ösen tejribesiniň, täzeçil tehnologiýalarynyň netijeli ulanylmalydygyny belledi hem-de bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda şu ýylyň dowamynda gurulmagy meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň öz wagtynda gurlup gutarylmagy we gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigine ünsi çekdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň