Soňky habarlar

Arhiw

18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleri öz hünär baýramyny belläp geçerler

03:0607.02.2015
0
5997

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

18-nji fewral Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününi giňden bellemäge taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň diplomatlarynyň hünär baýramy mynasybetli biziň döwletimizde akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalaryň we wekillikleriň işgärleriniň gatnaşmagynda sport ýaryşlary geçiriler. Türkmenistanyň DIM-niň halkara gatnaşyklar institutynda sergi, maslahat we baýramçylyk konserti geçiriler. Ýurduň diplomatik gullugynyň aýratyn tapawutlanan ýaş işgärlerine, şeýle hem institutyň ýokary ýyl talyplaryna degişli diplomlar gowşurylar.

Türkmenistanda ýurduň diplomatik gullugynyň işgärleriniň netijeli iş alyp barmagy, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we konstruktiw halkara hyzmatdaşlygyna, sebit we dünýä möçberinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilendir. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň