Soňky habarlar

Arhiw

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda dünýäde ilkinji gezek doňuz ýüregi adama geçirildi

15:1811.01.2022
0
7296

ABŞ-nyň Baltimor şäherindäki Merilend uniwersitetiniň lukmançylyk merkeziniň hirurglary ilkinji gezek doňuz ýüregini adama üstünlikli geçirdiler. Bu barada «Nýu-Ýork Taýms» gazetine salgylanyp, RIA Nowosti tarapyndan habar berildi. Sekiz sagat dowam eden operasiýada 57 ýaşly Deýwid Bennet, janyna howp salýan ýürek keselini genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan organ göçürmesini aldy. Lukmanlar hassanyň mümkin ret edilmegine gözegçilik edýärler. Gazetiň belleýşi ýaly, genetiki taýdan üýtgedilen doňuzdan organ transplantasiýasy «näsaz organlary bolan ýüzlerçe müň hassalara umyt döredýär».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň