Soňky habarlar

Arhiw

Abadanyň pagta egriji fabrigi Aşgabadyň dokma toplumy bilen birleşdirilýär

02:5007.02.2015
0
9627

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

Dokma pudagynyň düzümini kämilleşdirmek we önümçilik kuwwatyny netijeli peýdalanmak, önümçiligi dolandyrmagy sazlaşykly alyp barmak, Abadanyň pagta egriji fabrigini Aşgabadyň dokma toplumy bilen birleşdirmek kararyna gelindi. Ilkinji hasaplamalara görä, munuň özi Aşgabadyň dokma toplumyny nah mata önümleriniň dürli görnüşleriniň gerekli möçberleri bilen üznüksiz üpjün etmäge, şeýle-de, öndürilýän ýüplügiň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmegini gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berer.

Dokma senagatynyň bar bolan mümkinçilikleriniň artdyrylmagy milli ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Abadanyň pagta egriji fabriginiň Aşgabadyň dokma toplumynyň düzümine girizilmegi pudaklaýyn kärhanalaryň maliýe-ykdysady we önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň dokma önümleriniň eksportunyň möçberlerini artdyrmaga ýardam eder.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň