Soňky habarlar

Arhiw

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

23:5610.01.2022
0
6458
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

10-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda sanly ulgam arkaly ilkinji iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, bilim ministri we Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri gatnaşdylar.

Maslahatda Türkmenistanyň dürli künjeklerinde durmuşa geçirilýän özgertmeleri amala aşyrmak boýunça meselelere garaldy. Şeýle hem ýurtda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi, gowaçadan boşan ýerlerde ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek ugrunda görülýän taýýarlyk işleri, güýzlük ak ekinlere agrotehniki kadalara laýyklykda ideg edilişi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň