Soňky habarlar

Arhiw

Nakgaşlyk eseri 50 müň dollardan gowrak bahalandyrylýan asyl nusga bolup çykdy

15:3210.01.2022
0
3213

Kolleksioner we sungat taryhçysy Kristofer Raýt onlarça ýyllap myhman otagynda asylgy duran portretiň azyndan 40,000 funt sterlinge durýan (54,000 dollar) asyl nusgadygyny garaşylmadyk ýagdaýda bilip galdy. “Secretmag.ru” internet neşiriniň habar bermegine görä, flaman suratkeşi Antonis wan Deýkiň ýerine ýetiren Ispaniýanyň infantasy Izabella Klara Ýewgeniýanyň portreti kolleksioner tarapyndan 65 funt sterlinge (88 dollar) satyn alnypdy we köpden bäri portretiň nusgalarynyň biri hasaplanylýardy. Raýtyň myhmany, sungat tankytçysy Kolin Garrison diwardan asylan surata ünsi çekip, portretiň asyl nusgasyna örän meňzeýändigini aýdypdyr. Londondaky Kurto sungat institutynda gözden geçirilip, dikeldilenden soň, Kristofer Raýt suratyň bahasynyň azyndan 54 000 dollar boljakdygyny belläp geçýär. Kolleksioner bu suraty satmakdan saklanyp, ony niderland we flaman suratkeşleriniň eserleriniň saklanýan iňlis şäheri Barnslidäki döwlet muzeýine berjekdigini aýdýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň