Soňky habarlar

Arhiw

7-nji fewral taryhda

00:0807.02.2015
0
3635

Aşgabat, 07.02.2015. “Türkmenportal”.

2014-nji ýyl — Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Halkara aeroportundan Russiýa Federasiýasyna ugrady. Döwlet Baştutany Halkara Olimpiýa komitetiniň çagyrmagy boýunça Soçi şäherinde XII gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň hormatly myhmany boldy.

1998-nji ýyl — Ýaponiýanyň Nagano şäherinde XVIII gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1992-nji ýyl — Ýewropanyň ykdysady bileleşigine agza ýurtlaryň 12-siniň daşary işler we maliýe ministrleri Ylalaşyga gol çekdiler. Resminama laýyklykda, Ýewropa birleşigi döredildi.

1984-nji ýyl — Challenger gämisiniň topary ilkinji gezek bagsyz-ätiýaçsyz açyk kosmosa çykdy.

1926-njy ýyl — Aşgabat kinofabrigini (1958-nji ýyldan — “Türkmenfilm”) döretmek kararyna gelindi.

1963-nji ýyl — ABŞ-da ilkinji ýangyn söndürilýän enjama patent alyndy.

1847-nji ýyl — Fýodr Inozemsew Russiýa Imperiýasynda ilkinji bolup efir narkozyny ulanyp hirurgiýa operasiýasyny geçirdi.

1832-nji ýyl — Nikolaý Lobaçewskiý Ýewklidiňkiden başga geometriýa boýunça işini Ylymlar Akademiýasyna hödürledi.

1795-nji ýyl — Hajibaý portunyň ady Odessa diýlip üýtgedildi.

1568-nji ýyl — ýewropalylar tarapyndan Solomon adalary açyldy.

Grenada, Garaşsyzlyk güni.

Ýaponiýa, Demirgazyk çäkleriň güni.

Russiýa, sportuň gyşky görnüşleriniň güni.

Tatarystan, Tatarystan Respublikasynyň tugrasynyň güni.   

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň