Türkmenistanyň boks ýygyndysy Aşgabatda OTÝ geçýär

14:3509.01.2022
0
1249

Türkmenistanyň boks boýunça milli ýygyndysy şu günler Aşgabat şäherinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýärler.

Häzirki türgenleşiklere 2-nji ýanwarda badalga berildi we olar 18-nji ýanwara çenli dowam eder. Türgenleşikler üçin Aşgabat şäherindäki döwrebap sport toplumlary saýlanyp alyndy.

Türkmen boksçulary tamamlanan ýylyň 15 — 30-njy dekabry aralygynda Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Beýik Serdar nesilleri» medeni-dynç alyş merkezinde okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşypdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň