“Home Concept” dükanlarynda diwar sagatlarynyň dürli görnüşleri hödürlenýär

12:4109.01.2022
0
5677

Aşgabatdaky “Home Concept” dükanlarynda öý-hojalyk üçin ýerlikli söwda etmäge hemişe mümkinçilikler bar.

Öýleriň diwar sagady ýaly möhüm esbaplar hem mydama saýlamak babatda oýlanyşykly pikirlenmegi talap edýär. Galyberse-de, sagat diňe bir takyk wagty görkezmek üçin döredilen esbap bolman, eýsem ol otagyň dizaýnyna hem goşmaça täsirlilik berýär.

Bir görnüş reňkli diwarly, giňiş we özboluşly dizaýnly otag üçin adaty bolmadyk sagat gowy gelşer. Ajaýyp, aýdyň dizaýnly sagat bu ýerde täsin görner hem-de öýüň bezegine gelşik berer.

Ýagty gurşawda bolsa lakonik dizaýnly ýönekeý sagat modelleri has gowy görünýär. Munuň üçin islendik ýönekeý görnüşli sagady saýlap bilersiňiz.

“Home Concept” dükanyndan dürli içerki stile sazlaşykly gabat gelýän ajaýyp diwar sagadyny tapyp bilersiňiz. Agaçdan we metaldan ýasalan sagatlar hem nusgawy stili söýüjileri we ösen tehnologiýa söýüjilerini özüne çeker.

“Home Concept” dükanynyň maslahatçylary elmydama laýyk öý esbabyny saýlamaga ýardam ederler.

Bu babatda ozal hem “Home Concept” dükanynyň bezeg aýnalary barada habar beripdik.

“Bossan Concept” dükanlarynyň habarlaşmak üçin salgylary:

  • Instagram hasaplary: @bossan_concept @bossan_flora @bossan_outdoor_tm @bossan_coffee_garden
  • Telefon belgileri: 415554, 726060;
  • Salgysy: Mollanepes köçesiniň 27-nji jaýy, “Dürdäneli” söwda merkezi (15-nji tapgyr).
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň