Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda EURO-6 standartlaryna laýyk gelýän awtoulag benzini öndürilip başlandy

23:0007.01.2022
0
12661

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda çig nebiti gaýtadan işlemek hem-de dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça işler alnyp barylýar. EURO-6 standartlarynyň hil talaplaryna doly laýyk gelýän, ekologik taýdan has arassalygy bilen tapawutlanýan täze A-98 kysymly awtoulag benzini öndürilip başlandy. Bu barada 7-nji ýanwarda geçirilen täze ýyldaky ilkinji Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi.

Hususan-da, wise-premýer Niderlandlar Patyşalygynyň “Saybolt” kompaniýasynyň halkara barlaghanasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde bu önümiň K5 ekologik talaplaryň we EURO-6 standartlarynyň kadalaryna laýyk gelýändigi barada kepilnamalaryň berlendigini habar berdi. Häzirki wagtda nebit önümleriniň täze görnüşi hökmünde “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugy tarapyndan döwlet reýestrine girizmek hem-de laýyklyk sertifikatyny resmileşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Hasabaty diňläp, döwlet Baştutany dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmek, önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, uly tejribä we kuwwata eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmek ýaly ugurlara ünsi çekdi hem-de bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň