Dubaýda howa sergisi geçirildi

17:0907.01.2022
0
4104

Dubaýyň Al-Maktum howa menzilinde howa sergisi geçirildi. Myhmanlar «Boeing» we «Airbus» kompaniýalarynyň uçarlaryny synladylar. «Euronews-yň» habar bemregine görä, dünýäde ýüze çykan pandemiýa, şeýle-de karantin çäklendirmeleri sebäpli agyr ýitgilerden soň, awiakompaniýalar işlerini dowam etdirip başlaýarlar.

Howa transport birleşiginiň habaryna görä, şu ýyl awiakompaniýanyň ýitgileri 11,6 milliard dollar bolup biler. Şeýle-de bolsa, ýitgileri 52 milliard dollar diýlip çak edilýän 2021-nji ýyl bilen deňeşdirsek, 2022-nji ýylda ýitgileriň çaklamasy ep-esli azdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň