Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň futzal ýygyndysynyň baş tälimçisi Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama duşuşyklary barada pikirini beýan etdi

23:0006.01.2022
0
3496

Gyrgyzystanyň futzal boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Amirjan Mukanow Aziýanyň kubogy ― 2022-niň saýlama tapgyry üçin çekilen bijeler barada pikir bildirdi.

«Soňky saýlama tapgyryndaky ýygyndylar ýene-de bir toparça düşdi. Bu gezek olaryň hataryna Maldiwler hem goşuldy.

2017-nji we 2019-njy ýyllardaky saýlama duşuşyklarda Türkmenistany ýeňipdik. Duşuşyklar kynçylykly geçse-de, tereziniň agyr tarapyny özümize egmegi başardyk. Türkmenistanyň ýygyndysynda güýçli oýunçylar kän. Olar özlerinde geçirilmeli çempionata aýratyn uly güýç bilen taýýarlyk gördüler. Ýöne 2020-nji ýylda Aşgabatda geçirilmeli çempionat käbir sebäpler bilen geçirilmedi. Biziň pikirimizçe, şu gezek Türkmenistanyň ýygyndysy bilen boljak oýun ýaryşyň final tapgyryna çykmak üçin ykbal kesgitleýji oýun bolar».

Şeýle hem tälimçi Maldiwleriň ýygyndysy barada özlerinde hem ýeterlik maglumatyň ýokdugyny, Eýranyň ýygyndysynyň bolsa toparçanyň iň güýçli wekilidigini aýtdy.

Ýeri gelende aýtsak, Gyrgyzystanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Aziýanyň kubogy ― 2022-niň Merkezi we Günorta zolagynyň ýer eýeleri bolar. Olar «A» toparçada Türkmenistanyň, Eýranyň we Maldiwleriň ýygyndylary bilen ýaryşarlar. Saýlama duşuşyklar şu ýylyň 10 ― 12-nji apreli aralygynda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň