Soňky habarlar

Arhiw

6-njy fewral taryhda

09:0406.02.2015
0
3183

Aşgabat, 06.02.2015. “Türkmenportal”.

2004-nji ýyl — 357 paraşýutly Tailandyň asmanynda ägirt gül şekilini emele getirip, gümmezli akrobatikada record goýdular.

2000-nji ýyl — Finlýandiýanyň DIM-niň baştutany Tarýa Halonen bu ýurtda ilkinji zenan prezident boldy. 1968-nji ýylda Grenoblda X gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1952-nji ýyl — Birleşen Beýik Britaniýa Korollygy we Demirgazyk Iordaniýa döwletiniň şa zenany, 15 döwletiň Milletler Arkalaşygynyň baştutany Ýelizaweta II tagta çykdy.

1945-nji ýyl — Londonda Britan kongresi tarapyndan guralan kärdeşler arkalaşygynyň (profsoýuzlar) I Bütindünýä maslahaty öz işine başlady.

1936-njy ýyl — Garmiş-Partenkirhende (Germaniýa) IV gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1972-nji ýyl — Parižde 10 ýaşly üýtgeşik zehine eýe bolan skripkaçy Iýegudi Menuhiniň ilkinji çykyşy boldy.

1900-nji ýyl — rus alymy Aleksandr Stepanowiç Popow dünýäde ilkinji bolup radio üsti bilen deňiz heläkçiligini habar berdi.

1886-njy ýyl — Klemans Winkler D. I. Mendeleýew tarapyndan öňünden kesgitlenen germaniý himiki elementini açdy.

1840-njy ýyl — iňlisler maoriý serdarlaryny Waýtang Ylalaşygyny kabul etmäge mejbur etdiler. Şunlukda, olar “özbaşdaklygyň ähli hak-hukuklaryny” iňlisleriň şa zenanyna berdiler we ýere bolan hukuk kepillik hökmünde Britaniýanyň subýektlerine niýetlenen hukuklara we ýeňilliklere eýe bolmak artykmaçlygyny gazandy. Täze Zelandiýa Beýik Britaniýanyň Koloniýasy boldy.

1788-nji ýyl — Massaçuests ABŞ-nyň Konstitusiýasyny rafitisirläp, altynjy stat boldy.

1926-njy — Lýudowik XIII Fransiýada duelleri gadagan edýän nama gol çekdi.

Barmenleriň halkara güni

Saam halkynyň güni. Saamlar Norwegiýanyň takmynan 40 müň ilatly şäheridir. Olaryň sany Şwesiýada 18, Finlýandiýada 4, Rusiýa Federasiýasynda (kolsik ýarym adasy) 2 müň adama barabardyr.

Täjigistan, milisiýa işgrleriniň güni.    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň