Türkmenistan Gazagystanda bolup geçýän wakalara alada bildirýär

15:1906.01.2022
0
19538

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi soňky günlerde Gazagystan Respublikasynda bolup geçýän wakalara Türkmenistanyň alada bilen seredýändigi barada habar berýär.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň Metbugat gullugynyň bellemegine görä, köpasyrlyk dostluk, doganlyk we hoşiýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny hem-de strategiki hyzmatdaşlygyny nazarda tutup, ýurtdaky dowam edýän ýagdaýyň tiz wagtda kadalaşmagyna, Gazagystanyň mundan beýläk hem durnukly syýasy-jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşine çuňňur gyzyklanma bildirýär.

Paýhas, öňdengörüjilik, ata-babalaryň däp-dessurlaryna çuňňur hormat goýmak, gadymy gazak halkyna mahsus bolan çydamlylyk ýaly häsiýetleriň ýüze çykan ähli meseleleri konstitusion-hukugyň çäklerinde hem-de halkara kadalara we düzgünlere laýyklykda çözmek üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň