Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda alnyp barylýan täze taslamalar gurluşyk we abatlaýyş işleriniň giň geriminden habar berýär

23:0405.02.2015
0
8665

Aşgabat, 05.02.2015. “Türkmenportal”.

Ahal welaýatynyň Derweze etrabynda täze obany gurmagyň taslamasy işlenilip düzüldi. Onda 1536 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, söwda we hyzmatlar ulgamyna degişli edaralar, üç seýilgäh we düzümleýin desgalar gurlar.

Şeýle hem Köşi ýaşaýyş jaý toplumyny ösdürmegiň meýilnamasy, Çoganlyda kottej jaýlaryň gurluşygynyň taslamalary, Aşgabadyň ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak boýunça işleriň Baş meýilnamasy işlenilip düzüldi. Ol köprüleri, ýerasty we ýerüsti pyýada geçelgeleri gurmakdan ybaratdyr. Paýtagtymyzda ulaglaryň sanynyň artýandygyny nazara alyp, ulag duralgalarynyň sanyny has-da artdyrmak, açyk we köp gatly awtoduralgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, birnäçe edara binalaryny, kärhanalary we ýaşaýyş jaý toplumlaryny döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär. Aşgabadyň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygynyň ýokarlandyrylmagy, şol sanda simli elektrik geçiriji ulgamlary howa ulgamlary bilen çalyşmak boýunça 2015—2016-njy ýyllar üçin maksatnamasynyň amala aşyrylmagybilen baglanyşykly taslamalar hem işlenip düzüldi. Munuň özi şäherde ulanylýan elektrik geçirijileriniň ýokary geçirijilik ukyby bolan ýerasty ulgamlara geçirilmegine mümkinçilik berer.

Bu we beýleki taslamalar Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň giň geriminden habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň