Soňky habarlar

Arhiw

«Malaý» ýatagyndan 35 ýylda 247 milliard kub metr tebigy gaz çykaryldy

22:1005.01.2022
0
887

Lebap welaýatyndaky «Malaý» ýatagyndan 1986-njy ýyldan bäri 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Lebap welaýatynda geçirilen iş maslahatynda maglumat berdi.

Döwlet Baştutany öňde goýlan şu belent maksatlara ýetmek üçin sanlyja ýylda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilendigine ünsi çekdi. Şol iri taslamalaryň biri hem «Malaý» gaz gysyjy desgasydyr. Türkmen tebigy gazyny uzynlygy 188 kilometr bolan Malaý — Bagtyýarlyk turba geçirijisi arkaly «Asyryň iri taslamasy» diýlip atlandyrylan Türkmenistan — Hytaý transmilli gaz geçirijisine bermekde möhüm ähmiýetli bu desga laýyk bir ýyl mundan ozal açylyp ulanmaga berildi.

Lebap welaýatyndaky «Malaý» ýatagyndan tebigy gaz 1986-njy ýyldan bäri alynýar. Başlangyç gory 358 milliard 700 million kub metr bolan bu känden häzirki döwre çenli 247 milliard kub metrden hem köp tebigy gaz çykaryldy. Häzirki wagtda bu ýerden gaz çykarmagy dowam etmek, onuň çägini giňeltmek, şeýle hem özleşdirilýän gatlakdan aşaky gatlaklaryň gaz gorlaryny anyklamak we ýüze çykarmak möhüm wezipeleriň biridir.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, diňe «Malaý» ýatagyny däl-de, beýleki gaz ýataklaryny hem düýpli özleşdirmek işlerini çaltlandyrmalydygyny, bu ugurda ähli zerur şertleriň mundan beýläk-de dörediljekdigini belledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň