Lebap welaýatynda tebigy gazyň täze ýataklary tapyldy

22:0005.01.2022
0
959

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Lebap welaýatyna iş saparynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen iş maslahatynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýolbaşçysy M.Rozyýew döwlet Baştutanyna Lebap welaýatynyň çäklerinde geçirilen geofiziki barlaglaryň netijeleri hem-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinde barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hususan-da, milletiň Lideriniň ýerasty baýlyklary gözlemek we ýüze çykarmak babatda döredip berýän şertleri esasynda korporasiýa tarapyndan «Malaý» gaz käninde hem-de «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda gazy gözlemek boýunça alnyp barylýan geologik-gözleg işleri barada habar berildi.

Döwlet Baştutanynyň 2D we 3D seýsmiki gözlegler esasynda täze ýataklary ýüze çykarmak barada ozal beren tabşyryklary boýunça Lebap welaýatynda ýerleşýän «Malaý» we «Naýyp» gaz känlerine ýanaşyk ýerlerde geofiziki işler geçirildi. Netijede, «Demirgazyk Derwüş» we «Malaý» käniniň aşaky gatlaklarynda täze gümmez ýüze çykaryldy.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan «Malaý» gaz käninde çuňlugy 4000 metr we «Demirgazyk Derwüş» meýdançasynda çuňlugy 3200 metr bolan gözleg we barlag guýularyny gazmagyň meýilleşdirilýändigi barada habar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Lebap welaýatynda barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek üçin hemme şertleriň döredilendigini belläp, öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de maksatnamalaýyn esasda dowam etmegi tabşyrdy. Bu işler ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde esasy orunlaryň birini eýeleýän nebitgaz pudagynyň önümçilik görkezijileriniň durnukly artdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir diýip, milletiň Lideri aýtdy hem-de birnäçe degişli görkezmeleri berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň