Soňky habarlar

Arhiw

«Boý Bodron» göz hirurgiýasy üçin enjamlaryň toplumyny hödürleýär

18:0105.01.2022
0
2474
«Boý Bodron» göz hirurgiýasy üçin enjamlaryň toplumyny hödürleýär

«Boý Bodron» dermanhanasynda operasiýa, şol sanda göz hirurgiýasynda ulanylýan enjamlaryň toplumy hödürlenilýär. Bu ýerde operasiýa we ondan soňky dikeldiş işinde zerur bolan hirurgik materiallar bar. Olara dürli hirurgik tikinler üçin niýetlenilen sapaklar, göz operasiýasy üçin pyçaklar, operasiýadan soň ulanylýan linzalar, göz daňylary, şeýle hem bir gezekleýin mikrohirurgik enjamlary goýbermek üçin zerur bolan kataraktal toplum degişlidir. Bu hirurgik enjamlaryň iş ýagdaýynda peýdalanylýan böleginiň poslamaýan demirden ýasalandygy bellärliklidir.

Şeýle hem «Boý Bodron» dermanhanasynda başga-da birnäçe enjamlar, göz linzalary we olary saklamak hem-de zyýansyzlandyrmak üçin erginler, damjalar bar.

1998-nji ýyldan bäri hereket edýän «Boý Bodron» dermanhanasy ilat arasynda uly ynama eýe boldy. Dermanhanada ilata ýetirilýän derman serişdeleri SFM(Germaniýa); SigmaPharm(Аwstriýa); LMP (Latwiýa); Microlife(Şweýsariýa); Mefa(Şweýsariýa); RelianceLifeSciences ýaly dünýä belli kompaniýalardan satyn alynýar.

Dermanhananyň ähli derman serişdeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şahadatnamasy bilen kepillendirilendir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň