Soňky habarlar

Arhiw

Duşenbede Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli çäreler geçiriler

18:4704.02.2015
0
2800

Aşgabat, 04.02.2015. “Türkmenportal”.

2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hukuk derejesiniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilenine 20 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynyň karary bilen 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi diýip, Türkmenistanyň Täjigistandaky ilçihanasynyň habarynda aýdylýar.

Bu günki gün Bitaraplyk derejesi dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ulgamlarda giň gerimli gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda, köpugurly daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrmakda örän uly ähmiýete eýedir.

Bu şanly sene mynasybetli Türkmenistanda 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda döwlet baştutanlarynyň BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýokary derejedäki halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda iri maslahat geçirmek göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 20 ýyllygynyň hem-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň baýram edilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanasynyň Täjigistan Respublikasynyň degişli ministrlikleri we edaralary bilen bilelikdäki çäreleri geçirmegi meýilleşdirýär. Olaryň arasynda ylmy-amaly maslahatlary, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň sergilerini, belli syýasatçy alymlaryň we edebi işgärleriň gatnaşmagynda bitaraplyga bagyşlanan dostluk agşamlarydyr söhbetdeşlikleri, Türkmenistan baradaky çaga suratlarynyň sergisini, dürli sport çärelerini we beýlekileri görkezmek bolar.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň