Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly mugallym «2021-nji ýylyň hünärmeni» halkara bäsleşiginiň baýragyna mynasyp boldy

10:1704.01.2022
0
10824

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Tahyr Nazarow «2021-nji ýylyň hünärmeni» halkara bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragyna mynasyp boldy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berilýär.

Bäsleşik, Russiýa Federasiýasynyň «Täze ylym» halkara ylmy hyzmatdaşlyk merkezi tarapyndan onlaýn görnüşde geçirildi. Bäsleşigiň maksady, häzirki zaman ylymlaryndaky amaly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ylmy maglumatlary almagyň usullaryny ösdürmek, hünärmenler tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijelerini seljermek, tejribe alyşmak boldy.

Tahyr Nazarow bäsleşige «Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetini emele getirmekde bilim toparlarynyň potensialy» atly makala hödürledi. Makala milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň ileri tutulýan ugurlaryna bagyşlandy.

Temanyň mazmuny we açylyşynyň giňligi üçin awtor 1-nji dereje diplomy we halkara hünär gözleg bäsleşiginiň makalalarynyň ýörite ýygyndysynda neşir etmek, şeýle hem işini ylmy elektroniki kitaphanada ýerleşdirmek hukugy bilen sylaglandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň