Soňky habarlar

Arhiw

4-nji fewral taryhda

09:2904.02.2015
0
3116

Aşgabat, 04.02.2015. "Türkmenportal".

2013-nji ýyl — Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Italiýanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Antonio Dzanardi Londininiň ýolbaşçylygynda türkmen paýtagtyna gelen italýan wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.

2004-nji ýyl — “Facebook” (iňlisçeden sözme-söz terjime edilende “Ýüzleriň katalogy” diýmek). Sosial ulgamy işe başlady. Ony heniz talypka amerikaly programmaçy hünärmen Mark Sukerberg döretdi.

2003-nji ýyl — Serbiýanyň we Çernogoriýanyň Konstitusiýasy kabul edildi.

1976-njy ýyl — Insburkda (Awstriýa) XII gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1944-nji ýyl — alymlar DNK-nyň nesil baradaky maglumaty geçiriji bolup durýandygyny subut etdiler.

1941-nji ýyl — Roý Plankett tetraftoretilen polimeri — teflony işläp çykarmaga patent aldy.

1932-nji ýyl — Leýk-Pleýsidde (ABŞ) III gyşky Olimpiýa oýunlary açyldy.

1911-nji ýyl — “Rolls-Roýs” kompaniýasy öz öndürýän adybir ulaglary üçin ýörite nyşan — eglibräk öňe bökmäge hyýallanýan ganatly zenanyň keşbi görnüşindäki şekiljigi esaslandyrdy. Ony heýkeltaraş Çarlz Saýks döretdi.

1899-nji ýyl — Bremen şäheriniň (Germaniýa) “Werder” futbol topary döredildi.

1857-nji ýyl — ilkinji gezek ylmy jemgyýetçilige neandertallyny (irki we orta paleolit döwründe ýaşan adam) görkezdiler. 1856-njy ýylda Germaniýanyň Neandertal jülgesinde 150 ýyl mundan ozal ýaşap geçen adamyň galyndysy tapyldy.

1858-nji ýyl — German Goldşmit tarapyndan “S2 Euopa” asman jisimi (asteroid) açyldy.

1824-nji ýyl — oýlap tapyjy hem täjir Gudriç rezin galoşlary köpçülige hödürledi.

1720-nji ýyl — Pýotr I Peterburgda alagaçlary (şlagbaum) gurmak barada perman çykardy.

1824-nji ýyl — Maksimilian Gabsburg Trentoda Mukaddes Rim imperiýasynyň imperatorynyň titulyny kabul etdi.

Düwnüge (rak) garşy Bütindünýä göreş güni.

Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň