Söýgimi gaýdyp ber

23:3703.02.2015
1
4431

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.

2-nji fewraldan her hepdäniň duşenbesinden penşenbesine çenli sagat 21:00-da “Rossiýa — 1” teleýaýlymynda “Söýgimi gaýdyp ber” atly serial başlandy. Köp serialy melodrama çylşyrymly söýgi üçburuçlugynsa galýan sada Wiolonçelçi Wera Nagornaýanyň (Olesýa Fattakowa) durmuşyndan söhbet açýar.

Bir gezek ol toý dabarasynda saz çalmaly bolanda bir-birinden üýtgeşik iki adam — gaýgy-gamsyz suratkeş Wlad Orlow (Stanislaw Bondarenko) we öz öňünde uly maksatlary goýýan täjir Anton Karagod (Dmitri Pçela) bilen tanyşýar. Wlad — çagalygyndan kakasyna — iri maýadar (oligarh) Sergeý Orlowa haçandyr bir wagt ejesini taşlap gidendigi üçin gaharly. Indi bolsa, haçan-da, kakasy mirasdüşere halaýan gyzyny — görmegeý suratkeş Alýona (Lýubowa Greşnowa) bilen duşuşmagy gadagan eden mahaly olaryň gatnaşyklary has-da dartgynly häsiýete eýe bolýar. Olaryň giýewisi Anton gaýynatasynyň kompaniýasynda işleýär we onuň ýolbaşçysy bolmagy kalbynda besleýär. Garaşylmadyk ýerden Wera bilen Antonyň arasynda aşyk-magşuklyk başlanýar. Ýigidiň öýlenen ekenligi baradaky habar gyz üçin agyr urgy bolýar. Her niçik-de bolsa, duýgusy şeýle güýçli bolansoň, ol onuň oýnaşy bolmaga razylaşýar.

Bu gatnaşyklar Antonyň aýaly Ilona (Nastasýa Samburskaýa) mälim bolýar. Şol pursatdan Weranyň durmuşynda agyr günler başlanýar: Anton ony ýalňyz goýup, aýalynyň ýanyna dolanýar, Wera türmä düşýär, dogran mahaly çagasy ýogalýar, ene-atasy bolsa awtoheläkçilige düşýär, diňe kakasyny halas etmek başardýar, ol hem bütin ömrüne maýyp bolup galýar. Betbagtçylykdan haly bolan Wera indi öňküleri ýaly sada we arzuwçyl sazanda däl. Ol indi uly söýgi diýen zada-da ynananok, onuň bar aladasy — pul gazanyp kakasyna kömek etmek. Wera kakasy bilen Primorskiniň uly bolmadyk şäherjigine göçüp barýar. Aradan bäş ýyl geçensoň, bu ýerde Wladyň mekan tutmagy bilen, ähli zat üýtgeýär. Alýonanyň duýdansyz ýagdaýda özüni heläklemegi netijesinde ol ähli kynçylyklardan we goýberen hatalaryndan halas bolmak üçin özüni bu ýere atan ýigidiň garaşylmadyk ýerden Wera duşmagy onuň durmuşyny özgerdýär. Ýöne Primorskä Wlad bilen Anton, onuň aýalydyr gyzy hem aralaşýar. Şunlukda, Weranyň düýbünden unutmak islän geçmişi gaýdyp gelýär…

Eger serialyň sýužet ýordumy sizi gyzyklandyran bolsa, oňa her hepdäniň duşenbesi — penşenbesi aralygynda “Rossiýa — 1” teleýaýlymynda 21:00-da tomaşa edip bilersiňiz.        

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň