Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy dünýä döwletlerine bir gezeklik ekogaplary eksport edýär

17:4330.12.2021
0
7558

«Pe­ra­gat» ho­ja­lyk jem­gy­ýe­ti­ 2015-nji ýyldan bäri bir gezeklik ulanmak üçin niýetlenen kagyzdan gap-gaç önümleriniň, azyk harytlaryny ýerleşdirmekde peýdalanylýan gaplaryň önümçiligini alyp barýar ― diýip, TSTB-niň resmi saýty habar berýär.

«Eko gap» haryt nyşanly bu önümler müşderileriň arasynda islegli harytlaryň arasynda tanalýar.

Hojalyk jemgyýetiniň önümçilik kärhanasy Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň çäginde ýerleşýär. Türkiýe Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň iň häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan kärhananyň ýyllyk kuwwaty 200 tonna barabardyr.

Ýokary derejeli gyzgynlyga we aşa sowuga durnuklylygy, hiç hili zyýanly maddany bölüp çykarmaýandygy, ekologiýa taýdan arassalygy, azyk harytlaryny saklamaga amatlylygy «Eko gaplaryň» esasy artykmaçlyklarydyr. Köp görnüşliligi bilen tapawutlanýan önümleriň arasynda çaý, kofe, gyzgyn şokolad, gazlandyrylan suwlar, kokteýl üçin niýetlenen bir gezeklik kagyzdan bulgurlar, plastik çemçeler, gutular bar. Onlarça işgär zähmet çekýän kärhanada önümçilik üçin gerekli çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Şeýle hem daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar. Kärhanada öndürilýän önümler dünýäniň onlarça ýurduna eksport edilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň