Soňky habarlar

Arhiw

Kanynçylykda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy bilen bagly jenaýatlar üçin görülýän çäreler güýçlendiriler

18:5203.02.2015
0
3710

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”. 

2-nji fewralda geçirilen Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Akja Nurberdiýewa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň 19-njy ýanwarynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda beren tabşyryklaryna laýyklykda, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegini, hususan-da, şunuň ýaly jenaýatlar üçin görülýän çäreleriň güýçlendirilmegini göz öňünde tutýan üýtgetmeleri girizmek boýunça ugurdaş düzümler bilen işleriň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Şeýle hem milli parlamentiň Başlygy A.Nurberdiýewa dürli ugurlar boýunça täze kanunçylyk-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, hereket edýän kanunlara goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barylýan işler barada durup geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň