Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda tapawutlandylar

16:1003.02.2015
0
5485

Aşgabat, 03.02.2015. “Türkmenportal”.  

Türkmen agyr atletiaçylary Kataryň paýtagty Dohada geçirilen ýetginjekleriň (17 ýaşa çenli) we ýaşlaryň (20 ýaşa çenli) arasyndaky Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etdiler. Ýaryşyň 23 döwletden 180 türgen gatnaşdy. Türkmenistan bu bäsleşikde üç agyr atletikaçysy wekilçilik etdi we olaryň hemmesi ata Watana medally dolandy.

Iň ýaş türgenleriň toparçasynda (17 ýaşa çenli) halkara ýaryşlaryna ilkinji gezek gatnaşýan Nurmuhammet Toýçyýew tapawutlandy. Ol 94 kg-den ýokary agramda bürünç medala mynasyp boldy. Nurmuhammet silterläp götermekde 106, iteklemekde 137, iki usulyň jemi boýunça bolsa 243 kg netije görkezdi.

Ýaşlaryň arasynda (20 ýaşa çenli) 77 kg agramda çykyş eden Muhammet Döwranow itekläp götermekde (166 kg) we iki usulyň jemi boýunça (302 kg) bürünç medal eýeledi. Onuň topardaşy — Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Muhammetnur Joraýew 94 kg agramda kümüş medala mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 140, iteklemekde 165 we umumy 305 kg netije görkezdi.

Öňde biziň ýaş agyr atletikaçylarymyza jogapkärli ýaryşlar garaşýar. Aprel aýynda Limada (Peru) ýetginjekleriň arasynda (17 ýaşa çenli) dünýä çempionaty geçiriler. Iýunda bolsa ildeşlerimiz Warşawada (Polşa) geçiriljek ýaşlaryň arasyndaky (20 ýaşa çenli) dünýä birinjiligine gatnaşarlar. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň