“Ak tam” bazary täze hyzmatdaşyny tanyş edýär

10:0826.12.2021
0
4067

“Ak tam bazary” onlaýn söwda meýdançasy täze hyzmatdaşy “ikinokat” onlaýn söwda platformasyny tanyşdyrýar.

“ikinokat” — bu telekeçilere hemişelik müşderiler bilen kadaly, depginli işewürligi alyp barmaga ýardam edýän onlaýn meýdançadyr. “ikinokat” onlaýn söwda platformasynyň hünärmenleri onlaýn satuwlary amatlaşdyrmagyň gurallaryny işläp taýýarlaýarlar. Olara şu aýratynlyklary mysal getirmek bolar:

  • Inwentaryň awtomatik importy/sinhronlaşdyrylmagy;
  • Birbada birnäçe elementleri redaktirlemek mümkinçiligi;
  • Marketing kärhanasynyň hususy gurallary;
  • Söwda meýdançasynda siziň şahsy hasabyňyzdan hiç hili kynçylyksyz, awtomatik usulda döredilýän internet dükany.

“ikinokat” platformasy ilkibaşda satyjylar we alyjylar bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gönükdirilip, sosial ulgamlarda hyzmatdaşlaryň brendlerini öňe sürmek bilen meşgullanýardy.

“ikinokat-yň” hünärmenleri öz hyzmatlary barada şeýle belleýärler:

“Internetde söwda etmek üçin öz web sahypaňyz bar bolsa-da, biziň hyzmatymyz satuwyňyzy has artdyrmaga ýardam eder. Biz yzygiderli ösýäris we kämilleşýäris, şonuň üçin hemişe gyzyklanma bilen hyzmatdaşlyk üçin täze tekliplere seredýäris. Biziň maksadymyz — telekeçiler, üpjün edijiler, öndürijiler hem-de iri distribýutorlar bilen uzakmöhletleýin özara peýdaly gatnaşyklary saklamak. Biz her sebitdäki müşderilerimiziň isleglerini göz öňünde tutmak bilen, hemmelere aýratynlykda üns berýäris. Biz bilelikde alyjylara ýokary hilli harytlaryň giň görnüşlerini amatly bahalardan hödürläp bileris”.

“ikinokat” onlaýn söwda platformasy telekeçilerden we iri kompaniýalardan başlap, öndürijilere we distribýutorlara çenli dürli görnüşli global derejedäki satyjylaryň jeminden ybarat. Işjeň “ikinokat” jemgyýeti hyzmatdaşlaryna satuwda peýdaly maslahatlary we görkezmeleri berýär, şeýle-de ulanyjylary hepdelik arzanladyşlara çekýär. Kimdigiňiziň ýa-da niredendigiňiziň tapawudy ýok, “ikinokat-da” size garaşýarlar!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň