Serdar Azmun meşhur rus neşiri tarapyndan Russiýada ýylyň futbolçysy saýlanyldy

23:3023.12.2021
0
3453

Eýranly türkmen, «Zenitiň» hüjümçisi Serdar Azmun Russiýanyň iň abraýly neşirleriniň biri bolan «Sport-Ekspress» tarapyndan Russiýada 2021-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi.

Bu adyň eýesi dört sany garaşsyz toparyň agzalary tarapyndan saýlanylýar. Olaryň biri Russiýanyň belli tälimçileriniň 16-sy, ikinji topar meşhur sport menejerleriniň 16-sy, üçünji topar 16 sany sport žurnalisti, dördünji topar bolsa saýtyň okyjylarydyr.

Ses berlişigiň netijesinde Serdar Azmun 140 ses alyp, iň ýokary netijäni gazandy. Şeýle hem braziliýaly ýarym goragçy Klaudinýo 136, SSKA-nyň derwezeçisi Igor Akinfeýewe 98 ses berildi.

«Sport-Ekspress» bu ses berlişigi soňky alty ýylyň dowamynda yzygiderli geçirip gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň