Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen boksçulary Olimpiadanyň öňýanyndaky ýylda medallary gazanyp başladylar

09:1902.02.2015
0
3505

 Aşgabat, 02.02.2015. “Türkmenportal”.

Türkmen boksçulary ýekşenbe güni Bişkekde (Gyrgyz Respublikasy) tamamlanan halkara ýaryşynda iki medal eýelediler. Bäsleşikde Russiýadan, Gazagystandan, Türkmenistandan, Özbegistandan, Tailanddan, Mongoliýadan we beýleki ýurtlardan 180 türgen on agram derejesinde güýç synanyşdylar.

Biziň ýygyndy toparymyzdan şeýle üstünlige Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Ýakup Meredow (56 kg çenli agram) hem Arslanbek Açylow (75 kg çenli agram) mynasyp boldy. Bu türgenleriň ilkinjisi finala çykmak ugrundaky duşuşykda T. Ongžunddan (Tailand) asgyn gelip, bürünç medal eýeledi. Ikinjisi bolsa ilki çärýek finalda Abaý Toleşi (Gazagystan) seňseletdi, soňra bu ýurduň wekili Nursultan Žanabaewden ýeňlip, hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Şu ýyl türkmen boksçulary 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna ýollanma gazanmak üçin göreşmeli bolarlar. Şeýle mümkinçilik degişlilikde Katarda Tailandda boljak dünýä, şeýle hem Aziýa çempionatlarynda dörär.     

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň