Arhiw

Düýedarçylykdan alynýan şypaly önümleriň möçberi artýar

23:0101.02.2015
0
12804

Aşgabat, 01.02.2015. “Türkmenportal”.

Düýe idetmek — türkmen çarwadarlarynyň gadymdan gelýän ýörelgesi. Häzirki günde hem bu pudak jana melhem hasaplanýan azyklyk önümleri bolan et we süýt, şeýle hem iň ýyly ýüň öndürmegiň wajyp çeşmesi bolup gurýar.

2015-nji ýylyň başyna çenli Türkmenistanda ähli hojalyklarda 125,5 müň baş düýe saklanýar. Olaryň agramly bölegi Ahal we Balkan welaýatyna degişlidir, olaryň hersinde 42 müň baş düýe idedilýär. Saýlama mallar “Sakarçäge” (Mary welaýaty), “Türkmenistan” (Balkan welaýaty), “Garagum” (Ahal welaýaty) tohumçylyk hojalyklarynda ösdürilip ýetişdirilýär diýip, “Türkmenistan: altyn asyr” elektron gazeti habar berýär.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň maldarçylyk we weterenariýa institutynyň alymlarynyň hem hünärmenleriniň weterenariýa we tohumçylyk hojalyklarynyň bu ugurdaky hünärmenleri bilen bilelikde geçiren köpýyllyk ylmy-amaly barlaglarynyň netijesinde “Sakarçäge” tohumçylyk hojalygynda bir sagymda 2,500 kg-e, süýdüň goýulygy 3,8 göterime barabar bolan türkmeniň arwana tohumyndan bolan ýokary netijeli süýt berýän düýeleriniň görnüşleri döredildi.

Düýe süýdi diýseň peýdalydyr. Onuň düzüminde sygyr süýdüniňkä garanyňda  C we D witaminleri üç esse köp bolup, biziň bedenimize süýt önümlerini özleşdirmäge päsgel berýän laktoz (süýt şekeri) we kazein örän az mukdardadyr. Bu gymmatlykly önümiň öndürilmeginiň içerki we daşarky bazarlarda oňat gelejegi bardyr.

Düýedarçylyk önümleriniň döwlet söwda edaralary tarapyndan ýerlenişini tertibe salmagyň wajyplygyny nazarda tutulyp düýe çalyna, agarana, gaýmaga we aýrana degişli döwlet hil derejesi işlenilip düzüldi hem tassyklanyldy.         

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň