Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy

23:2023.12.2021
0
7638

Şu gün Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedow Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda wise-premýer welaýatyň bazarlaryna aýlanyp, ol ýerde ilata edilýän hyzmatlaryň medeniýeti, söwdanyň guralyşy, bazarlara çykarylýan harytlaryň, gök we miwe önümleriň görnüşleri, olaryň nyrh ýagdaýy bilen gyzyklandy.

Türkmenistanyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän Serdar Berdimuhamedow welaýatyň bazarlarynda bolmagyň çäklerinde, sebitde Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi bilen tanyşdy.

Baýramçylyk söwdasyna gatnaşyjylar özleri üçin döredilýän amatlyklardan netijeli peýdalanyp, söwdanyň medeniýetini has-da artdyrmak, satuwa çykarylýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli köpeltmek hem-de raýatlary täze harytlar bilen begendirmek ugrunda zerur tagallalary etjekdiklerini ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň