IWF geljekki Olimpiýa oýunlaryndaky agram derejelerini kesgitledi

12:1124.12.2021
0
3891

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň ýerine ýetiriji komiteti 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek Olimpiýa oýunlary üçin niýetlenilen agram derejelerini kesgitledi. Bu barada Russiýanyň Agyr atletika federasiýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Has takygy, erkekleriň arasyndaky ýaryşlar agram derejeleriniň bäşisi boýunça geçiriler: olar 61, 73, 89, 102 kilograma çenli we 102 kilogramdan ýokary agram derejeleridir.

Zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar hem bäş agram derejesinde geçiriler. Pariž ― 2024-de zenan agyr atletikaçylar 49, 59, 71, 81 kilograma çenli we 81 kilogramdan ýokary agram derejede ýaryşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň