Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 2021-nji ýyly FIFA-nyň reýting-sanawynyň 133-nji basgançagynda tamamlady

22:0023.12.2021
0
7321

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2021-nji ýyly FIFA-nyň sanawynyň 133-nji basgançagynda jemledi. Bu barada guramanyň resmi saýty habar berýär.

Biziň milli ýygyndymyza 1117,60 utuk berildi. Türkmen futbolçylary sanawda Komoranyň we Latwiýanyň ýygyndylarynyň arasynda ýerleşýär.

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 2021-nji ýylda resmi duşuşyklaryň ikisini geçirdi. Olaryň ikisi hem iýun aýynda boldy. Has takygy, 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň saýlama tapgyrynda milli ýygyndymyz Koreýa Respublikasynyň ýygyndysyndan 0:5 hasabynda asgyn geldi, Liwanyň ýygyndysyny bolsa 3:2 hasabynda ýeňdi. Türkmen futbolçylarynyň toparçada eýelän orny Aziýanyň kubogy ― 2023-iň saýlama tapgyryna gatnaşmaga hukuk berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň